Mazmuna geçiň

zaman

Wikisözlük saýtyndan

Manylar:

[1] Döwür, zamana, eýýam.
[2] Wagt, çag, mütdet.
[3] (gram.) Hereketiň bir wagta, ýagny öten, geljek, häzirki wagta degişliligini aňladýan işlik formasy. Işligiň häzirki zaman formasy «-ýar, -ýer» goşulmasy, arkaly ýasalýar. Öten zaman. Geljek zaman. Işlikler üç zamanda ulanylýar.

Mysallar:

[1] Size, bagtly zaman gurmaga jan edýän Sowet häkimiýetine garşy ýyrtyjy aklar, wagşy Eziz han ganly göreş alyp barýar.
[1] Häzir şu döwürde, biziň zamanda, Bir beýik döwlet bar ýagty jahanda.
[1] Häzirki zaman edebiýaty.
[2] Hoş gal, Gözel! Hat ýazyp dur her zaman, — Seni çäksiz söýýän ýoldaşyň Aman.
[2] Dünýäden bihabar, bigaýrat duşman, Bürgüt penjesine düşdi şo zaman.