Mazmuna geçiň

Zekat

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Zakat sahypasyndan gönükdirildi)

Zäkä[t] (arap. زَكَاة‎‎ — arassalyk, sadaka) — yslamda bäş sütüniň biri.

Zekatyň farz bolmagynyň şertleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Zekat berýän kişi: musulman, azat, akyly ýerinde we kämillik ýaşyna ýeten bolmalydyr.

Zekatyň – dini salgyt manysynyň hem barlygy üçin, ol musulman däl kişä degişli däldir.

Hanefi mezhebine görä, çaganyň we däliniň duran baýlygyndan zekat alynmaýar. Ýöne diňe ekerançylykdan alan hasylyndan we mallaryndan alynýar.

Beýleki üç mezhebe görä, agzalanlaryň hossarlary olaryň malyndan zekatyny bermelidir.

Zekat beriljek mallarda bolmaly şertler

[düzet | çeşmäni düzet]

Doly eýeçilik

[düzet | çeşmäni düzet]

Zekat maly: kişiniň öz zähmeti, şertnamalary, peşgeş, miras we ş.m. ýollar bilen gazanylan bolmalydyr. Kişiniň öz ygtyýarynda bolup, isleýşi ýaly harçlap bilýän we peýdasy özüne degişli bolan maly onuň doly eýeçiligindäki maldyr. Doly eýeçiliginde bolmadyk wakyf, ýa-da girewine alnan mallardan zekat berilmeýär. Ýöne algynyň hökümi başgadyr. Algynyň iki görnüşi bardyr.
a) Alynjagy anyk algy,
b) Alynjagy gümana algy.

Alynjagy anyk algy wada edilen gününde alnar diýlip hasaplanýan, kepillik bilen berkidilen algydyr. Munuň zekaty gijikdirilmän berilmelidir. Alynjagy gümana algynyň zekaty bolsa, alynýança berilmeýär. Hanefi mezhebine görä, algynyň berilmedik ýyllarynda zekatynyň berilmeýşi ýaly, alnan ýyly hem zekaty berilmeýär. Çünki ol täze gazanylan mal ýalydyr. Ýöne algy alnanda geçen ýyllaryň zekatyny bermek ätiýaçlylyk jähtinden has gowudyr. Şeýlelik bilen, hem Allahyň emri berjaý edilýär we garyplaryň haky iýilmeýär.

Nema – malyň köpelýän, girdeji getirýän bölegidir. Nemanyň iki görnüşi bardyr: Hakyky nema – dogmak, önmek, söwda we ş.m. ýollar arkaly malyň köpelmegi. Haýwanlar, altyn-kümüş we söwda harytlary bu topara girýär.

Takdyry nema – mal eýesiniň ýa-da wekiliniň elinde köpelmek mümkinçiligi bolan mal. Bu mallar köpelmese hem zekatlary berilmelidir. Ýöne şol mallar ogurlansa, ýa-da talansa, ýa-da mal eýesi ony ulanyp bilmejek ýagdaýda bolsa, onda zekaty berilmeýär.

Nisap – zekaty zerur edýän baýlygyň mukdarydyr. Asly zerurlygyndan we bergisinden başga nisap mukdary ýa-da has artyk mala eýe bolan kişiniň zekat bermegi farzdyr. Ýogsa ijtimagy ýardam, goldaw bolan zekatda şeýle ölçeg bolmasa, her kes eýe bolan zadyndan zekat bermeli edilse dogry bolmazdy.

Nisap mukdarlary her mal üçin Pygamberimiz tarapyndan aýry-aýry kesgitlenendir. Altynyň nisaby 20 mysgal (85-96 gr.), kümşüň nisaby 200 dirhem (595-640 gr.), goýun bilen geçiniň nisaby 40, sygryň nisaby 30, düýäniň nisaby bolsa 5-dir. Söwda mallarynyň nisaby altyn we kümşe görä ölçenýär. Oba hojalyk önümlerinden: üşür bermek üçin Hanefi mezhebinde nisap esas edinilmändir. Nisap şerti gizlenmän hasylyň möçberine garamazdan, zekat berilmelidir. Ýagmyr we derýa suwy bilen suwarylýan ekinden – ondan biri, zähmet (ýap, kran, skwažina) arkaly suwarylýan ekinden – ýigrimiden bir bölegi zekat berilýär.

Magdan we suw önümlerinden hanefi mezhebinden başgasynda nisap şerti ýokdur.

Malyň asly zerurlykdan (hawaiji asliýe) artyk bolmagy

[düzet | çeşmäni düzet]

Asly zerurlyklar ijtimagy, ykdysady we medeni şertlere görä, her ynsan üçin üýtgäp bilýär. Ýöne her bir adam üçin gerek bolan asly zerurlyklar hanefi alymlary tarapyndan şeýle kesgitlenipdir: Maşgalanyň iýjek-içjegi, egin-eşigi, ýaşaýyş jaýy, öý goşlary, bergisini üzjek mal baýlygy, hünärine degişli iş stanoklary, ulag, iş guraly hökmünde ulanylýan haýwanlar (häzirki döwürde awtomobil, ýük maşyny, traktor), ylym öwrenmek niýeti bilen alnan kitaplar, şeýle hem zekat berjegiň eklemäge jogapkär bolan maşgala agzalarynyň zerurlyklary asly zerurlyklara degişlidir.

Zekat beriljek malyň üstünden bir ýylyň geçmegi

[düzet | çeşmäni düzet]

Zekat beriljek mal mükellefiň eýeçiligine degişli bolandan soň, üstünden bir kamary ýylynyň geçmegi gerekdir. Ýöne bu: haýwan, pul, söwda harytlary üçin şertdir. Oba hojalyk önümleri, miwe, bal, magdan, tapylan hazyna we şuňa meňzeş zatlarda bir ýyl geçmek şerti ýokdur. Eger her ýyl zekat berýän biri, şol ýylyň dowamynda täze mal eýeçiligine goşulsa, olar üçin bir ýyl garaşmak şert däldir. Bu nemalary asyl maýanyň üstüne goşup zekaty berilmelidir. Söwda harytlary we mallaryň guzlap köpelmegi meselesinde-de hökümiň üýtgemeýändigi jedelsizdir. Diňe haýwanlaryň görnüşleriniň üýtgän ýagdaýynda ihtilaf bardyr. Meselem, nisap mukdary düýesi bolup zekat berýän biri 30 sygyr we 40 goýun edinse, bu täze görnüşdäki mallary üçin bir ýyl garaşyp soň zekat bermelidir. Ýöne kişi bulary alyp satmak söwdasyny edýän bolsa, täze edinen mallarynyň bahasyna görä zekatyny bermelidir. Meselem, Ebu Hanifä görä, 40 goýunly adam ýene 100 goýun edinse, bir ýyl garaşman 140 goýnuň zekatyny bermelidir.

Zekatyň syhhatynyň şertleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Berlen zekatyň dürs bolmagy üçin zekat niýeti we temlik şertdir.

Zekat ýoksula berlende ýa-da zekat üçin bir mal aýrylyp goýlanda, munuň zekatdygyna kalp bilen niýet etmelidir. Dil bilen aýtmak şert däldir. Hatda bir maly ýoksula zekat niýeti bilen bereniňde, muny hamala sowgat, peşgeş hökmünde berýän diýmegiň hem zekata zeleli ýokdur.

Bir mal pakyra niýet edilmän berilse: eger şol mal heniz pakyrda mahaly, zekata niýet etmek ýeterlikdir. Ýöne harçlan bolsa, soňky niýetden peýda ýokdur.

Zekat berlende wekiliň niýeti däl-de, eýesiniň niýeti geçýändir. Şol sebäpli bir kişi zekat bermek üçin bir adamy wekil edinse, zekat hökmünde berjek malyny tabşyran wagty ýa-da şol maly wekiliň garyba berjek wagty zekata niýet etmelidir. Wekiliň niýeti ýeterlik däldir.

Zekat bermek niýeti bolan biri munuň üçin mal aýyrman, wagtal-wagtal garyplara zat berýän bolsa, zekata niýet etmek ýadyna düşmese, bu berenleri zekatyň ýerine geçmeýär. Ýöne garyp maly näme üçin berýändigini soranda, şobada «Zekat hökmünde berýän» diýse, bu niýet ýeterlik bolýar.

Bir kişi garyplara sadaka berenden soň: «Şol günki beren sadakalarym zekatymdan bolsun» diýip niýet etse, ýeterlik däldir. Bir kişi elindäki bar malyny zekata niýet etmän, hemmesini sadaka hökmünde berse, munuň zekaty aýrylýar. Ýöne berlen bu mal bir nezir ýa-da wajyp üçin niýet edilen bolsa, bu malyň şol niýete görä berildigi bolýar. Berlen bu malyň zekatyny aýratyn bermelidir.

Hanefilerden beýleki mezheblere görä, bir kişi ähli malyny nafile sadaka hökmünde berende zekata niýet etmedik bolsa, zekat borjy egninden düşmeýär. Çünki munda sebäp farza niýet etmändigidir. Bu: ýüz rekagat nafile namazy okap, farza niýet etmedik kişiniň ýagdaýyna meňzär.

Bir kişi zekat düşýän malynyň bir bölegini bir garyba bagyşlasa, munuň zekaty boýnundan aýrylýar. Mysal üçin, bir baý bir garypdan million manat algysyny geçse, diňe şol million manadyň zekatyny beren hökmünde bolýar. Bu taýda zekat üçin niýet edip-etmezlik ýagdaýy üýtgetmeýär. Şeýle hem bu puly beýleki mallarynyň hem zekaty hasaplap bolmaýar.

Ýöne pakyr däl birinden algyňy geçseň, munuň üçin ne şol malyň, ne-de beýleki mallaryň zekaty berildigi hasaplanmaýar. Sahyh görşe görä, bu bagyşlanan malyň zekaty aýratyn hasaplanyp berilmelidir. Bir kişiniň zekat üçin aýryp goýan maly ýitse, ogurlansa ýa-da zaýa bolsa, zekat borjy boýnundan aýrylmaýar.

Beriljek zekatyň dürs bolmagy üçin temlik şertdir. Temlik – zekat hökmünde beriljek malyň ýa-da nagt puluň eýeçiligini zekaty alýan kişä geçirmekdir. Şonuň üçin bir kişi adamlary üýşürip nahar berse, zekat ýerine geçmeýär. Bu nafile sadaka bolýar.

Zekat dälä, kämillik ýaşyna ýetmedik çaga berilmeýär. Ýöne olaryň hasabyna ene-atasyna ýa-da hossaryna bermek bolýar.

Zekatda temlik şerti «zekaty beriň» manysyndaky aýatlara daýanýandyr. Bu aýatlardaky «bermek» sözi malyň eýeçiligini beýleki tarapa geçirmek diýmekdir. Şeýle hem «sadaka (zekat) diňe garybyň, misginiň... hakydyr» Tewbe suresiniň 60-njy aýatynda sanalyp geçilen sekiz toparyň başyndaky «lam» harfy jeri temlik manysyny berýär. Ýagny, zekatyň eýeçiligini bu sekiz topara ýa-da olardan haýsy-da bolsa birine geçirmeli diýmekdir.

Zekata degişli mallar we olaryň mukdary

[düzet | çeşmäni düzet]

Zekata degişli mallar bäş görnüşdedir.

Haýwanlaryň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Zekat berilýän haýwanlar: goýun, geçi, sygyr, düýe we atdyr. Yslam dini zekat taýyndan haýwanlary «saime» we «alufe» diýip iki görnüşe bölüpdir.

Saime – ýylyň ýarysyndan köpüsini meýdanda otarylyp, eklenç üçin peýdalanmak, köpeltmek niýeti bilen bakylýan mallardyr. Bulardan zekat bermek üçin şu şertler gerekdir: Bu haýwanlaryň sany diniň bellän nisap mukdaryna ýetmelidir. Şeýle hem olar eýesiniň elinde bir ýyl saklanmalydyr. Çünki ýyl aýlanmasa, bu mallar köpelmeýär.

Şonuň üçin ýylyň dowamynda haýwan satylyp, ýa-da bagyşlanyp, ýerine täzeden başga mal alynsa, ýa-da görnüşleri çalşylsa, nisabyň üstüni ýetirmek üçin soňky alnan haýwanlaryň üstünden bir ýyl geçmelidir. Bu meselede olaryň satyn alnan wagty göz öňünde tutulýar.

Alufe – ýylyň köp böleginde agylda iýmlenip saklanýan mallardyr. Bu mallaryň hökmi söwda harytlarynyňky ýalydyr. Bu mallar söwda maksady bilen däl-de, diňe eklenç üçin saklanýan bolsa, bulardan zekat berilmeýär. Ýöne bularyň süýdüni, süýt önümlerini, ýüňüni, etini we özüni satyp gazanylan puluny beýleki zekat mallaryna goşup, pul ýa-da söwda harydy hökmünde zekaty berilmelidir. Eger söwda maksady bilen saklanýan bolsa, olaryň girdejisinden zekat berilýär.

Yslamda maldarçylygy ösdürmek niýeti bilen alufe mallardan saime ýaly zekat alynmandyr.

Saime mallaryň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Sygryň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Saime bolan sygyryň nisaby otuzdyr. Otuzdan az bolsa, zekaty ýokdur. Sygryň sany 30-dan 39-a çenli aralykda bolsa, iki ýaşyna ýeten öküz ýa-da tüwe zekat berilýär. 40-59 çenli – üç ýaşyndaky sygyr ýa-da öküz; 60-dan köp bolan sygryň zekaty her 30-dan ýa-da her 40-dan hasap ýöredilýär. Ýagny her 30 sygyr üçin iki ýaşyna ýeten, her 40 sygyr üçin bolsa, üç ýaşyna ýeten sygyr ýa-da öküz berilýär.

Goýun-geçiniň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Goýnuň we geçiniň zekaty meňzeşdir. Nisaby jemlemek üçin biri beýlekisiniň üstüne goşulyp bilinýär. Nisaby kyrkdyr. Kyrkdan az bolsa zekat düşmez. Goýun we geçiden haýsysy köp bolsa zekat şondan, sany deň bolsa, isläniňden berilýär.

  • 40-120 çenli, bir goýun;
  • 121-200 çenli, iki goýun;
  • 201-399 çenli, üç goýun;
  • 400-499 çenli, 4 goýun;

Mundan soň, zekat her ýüz goýundan bir goýun artdyrylýar. Goýun-geçiniň sany nisap mukdaryndan az bolsa, guzy we owlak hasaba alynmaýar. Eger nisap mukdaryna ýeten bolsa, olar hem hasaba alnyp, zekaty berilmelidir.

Düýäniň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Düýäniň zekat nisaby bäşdir. Düýäniň sany bäşden az bolsa, zekat berilmeýär. Düýäniň sany:

  • 5-9 çenli, bir goýun;
  • 10-14 çenli, iki goýun;
  • 15-19 çenli, üç goýun;
  • 20-24 çenli, dört goýun;
  • 25-35 çenli, iki ýaşyna ýeten bir bugurçy ýa-da ogşuk;
  • 36-45 çenli, üç ýaşyna ýeten bir düýe;
  • 46-60 çenli, dört ýaşyna ýeten bir düýe;
  • 61-75 çenli, bäş ýaşyna ýeten bir düýe;
  • 76-90 çenli, üç ýaşyna ýeten iki düýe;
  • 91-120 çenli, dört ýaşyna ýeten iki düýe zekat berilmelidir.
  • 120-144 çenli, her bäş düýe artanda, dört ýaşyndaky iki düýäniň üstüne bir goýun goşulmalydyr.
  • 145-149 çenli, dört ýaşyna ýeten iki düýe, iki ýaşly bir bugurçy ýa-da ogşuk berilmeli.
  • 150-ä ýetende dört ýaşly üç düýe;
  • 150-174 aralygy her bäş düýe artanda, dört ýaşly üç düýäniň üstüne bir goýun goşulýar;
  • 175-185 çenli, dört ýaşyna ýeten üç düýe we iki ýaşly bir bugurçy ýa-da ogşuk;
  • 186-195 çenli, dört ýaşyna ýeten üç düýe we üç ýaşly bir düýe;
  • 196-200 çenli, dört ýaşyna ýeten dört düýe zekat berilýär.

Mundan soň 150 düýeden 200 çenli aralykdaky usul 200-den soň her 50 düýe artanda ulanylýar.

Atlaryň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Eger kişiniň aty we baýtaly bar bolsa, saime atlaryň zekatyny bermelidir. Atlaryň eýesi islese, her bir at üçin bir dinar altyn, islese, bahasynyň kyrkdan birini zekat bermelidir. Kişiniň diňe aty ýa-da diňe baýtaly bar bolsa zekat bermeýär. Söwda üçin saklanmaýan gatyryň we eşegiň zekaty ýokdur. Eger söwdasy edilýän bolsa, girdejisinden söwda harydy ýaly zekat berilmelidir. Söwda üçin saklanýan it-guş we ş.m. haýwanlar hem söwda harydy ýalydyr. Bahasyndan zekat berilmelidir. Munuň nisaby kyrkdan birdir, ýagny 2,5%-dir.

Bal – zekata degişli önümdir. Hanefi mezhebine görä 1/10 mukdarynda zekaty berilmelidir.

Ekerançylyk we miwe önümleriniň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Ekerançylyk we miwe önümleriniň zekaty bilen baglanyşykly Kurany Kerimde şeýle buýrulýar: «Her hasyl ýetişende iýiň, ýygnalanda zekatyny hem beriň. Isrip etmäň. Çünki Allah isrip edenleri söýmez», (En’am, 141). Bu aýat ähli ekerançylyk we miwe önümlerinden üşür berilýändigine Ymamy Agzamyň delilidir.

Ekerançylyk we miwe önümleriniň zekaty suwaryş şertine görä bellenilýär. Bularyň zekatyna «üşür» diýilýär.

Ýer zähmet we çykdajy edilmän ýagyş, derýa, köl suwy bilen suwarylýan bolsa hasylyň ondan biri;

Ýörite suw maşynlary, skwažina ýa-da töleg töläp suwarylýan bolsa, hasylyň ýigrimiden biri üşür berilýär.

Ekerançylyk we miwe önümleriniň üşüri hasyl ýyglandan soň berilýär. Bir ýyl garaşmak şerti ýokdur. Şeýle hem bulardan üşür bermek üçin akylyň ýerindeligi we kämillik ýaşyna ýetmek şerti hasaba alynmaýar. Çaganyň ýa-da däliniň ýerinden ýygnalan hasylyndan üşüri hossary bermelidir. Bir ýylyň dowamynda şol bir ýerden birnäçe gezek ekin ekilip, hasyl ýygnalan bolsa, her gezeginde onuň üşri berilmelidir.

Ýer eýesi ýerini mugtuna birine beren bolsa, üşürini ýeri ekýän berýär. Ýer kärendesine berlende üşürini kärendeçi bermeli. Ýer eýesi bolsa, kärendeden girýän girdejisinden üşür bermelidir. Eger ýerden alynýan hasyl 1/2, 1/3, 1/4 ölçegde paý edilmek şerti bilen berlen bolsa, taraplar paýyna görä, üşür berýär.

Altyn-kümşüň we pullaryň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Altynyň we kümşüň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Altyndan nisap mukdary ýigrimi mysgal ýagny, 96 gramdyr. Kümüşde bolsa iki ýüz dirhem, ýagny 640 gramdyr. Bu örfi ölçege görädir. Şer’i ölçegde altynda nisap mukdary 85 gr. kümüşde 595 gramdyr. Yslam alymlary zekatyň we fiträniň her ýurduň örfi dirhemleriniň hasabyndan bermekligi höküm edipdirler. Bir musulmanyň zekat berende şer’i ölçegi esas edinmegi, fitre berende bolsa örfi ölçegi esas edinmegi has takwalykdyr. Iň azyndan şu mukdarda altyn-kümşe eýe bolan biri 2,5% zekat bermeli. Haýwanlaryň zekatyndaky ýaly mukdar köpeldigiçe, zekat bermeli mukdar üýtgemeýär. Ýagny altyn-kümşüň 1 kg. bolsa-da, onuň 2,5 % zekaty berilmelidir.

Altyn we kümüş aýry-aýrylykda zekat nisabyny doldurmaýan ýagdaýynda biriniň beýlekisiniň öwezine goşulyp-goşulmazlygy meselesinde mezhepler arasynda ihtilaf edilipdir. Hanefi mezhebinde nisaby doldurmak üçin altyn-kümüş biri-beýlekisiniň üstüne goşulýar. Bu meselede hümmetiň esas edilmegi häzirki döwür şertlerine has laýykdyr, (Mahmud b. Mewsili «El-Ihtiýar», tom 1).

Magdan we kagyz puluň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Altyn we kümşe zekatyň zerurlygy, olaryň zaty hümmeti sebäpli däl-de, semeniýet (baha, töleg) ölçegi bolmagy sebäplidir. Yslamyň ilkinji döwürlerinde altyn we kümüş söwdada pul görnüşinde ulanylypdyr. Häzirki döwürde bularyň deregine şaýy we kagyz pul, çek, kepillik haty ýaly gymmat bahaly kagyzlar dolanyşyga girdi. Altyn we kümşüň nisabyna ýeterlik mukdarda pul ýa-da gymmat bahaly kagyzlara eýe bolan kişi 2,5 % zekatyny bermelidir.

Zynat şaý-sepleriniň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Hanefi mezhebine görä, altyn-kümüşden ýasalan bilezik, gülýaka, ýüzük, gerdanlyk ýaly şaý-sepler nisap mukdaryna ýetse, zekaty berilmelidir. Ýöne aýalyň zynat üçin ulanýan almaz, zümerret, ýakut, hünji ýaly gymmat bahaly zatlaryndan zekat berilmeýär.

Dinimizde ulanylmagy jaýyz görülmeýän altyn-kümüşden ýasalan gap-gaçlar ýaly öý goşlary ýa-da bezegde ulanylýan altyn-kümüş nisap mukdaryna ýetýän bolsa zekaty berilmelidir.

Söwda harytlarynyň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Söwdasy edilýän gural, enjam, maşyn, azyk, egin-eşik, haýwan, şaý-sep, mellek, öý... her hili görnüşdäki mal – söwda harydydyr we zekaty berilmelidir. Ýöne bir malyň söwda harydy saýylmagy üçin niýet we amalyň bilelikde bolmagy zerurdyr. Ýagny, şol malyň peýda gazanmak niýeti bilen bazara çykarylmagy şertdir. Şol sebäpli, bir kişä miras, peşgeş, wesýet arkaly mal düşse, ol hem bu mal bilen söwda etmegi niýet etse, Ymam Ebu Ýusufa görä, söwda harydy bolýar. Onuň zekatynyň hasaby ýöredilmelidir. Ulag, öý, mellek we şuňa meňzeş mallaryň kärende girdejileri hem söwda harydy saýylýar.

Söwda harytlarynyň nisaby altyn we kümşüň nisabydyr, ýagny, altynda 85-96 gr. kümüşde 595-640 gr. Söwda harydynyň üstünden bir ýyl geçmelidir. Bu bir ýyl meselesi kişiniň ilkinji gezek nisap mukdaryndaky mala eýe bolandan soň başlanýar. Ondan soňky ýyllarda bir ýyl garaşmaly däldir. Söwda harydynyň nisaby ýylyň dowamynda nisap mukdaryndan aşak düşse-de, zekat bermegi üçin ýylyň başynda we soňunda nisap mukdarynda bolmagy şertdir. Zekaty beriljek harytlar ýylyň soňunda lomaý söwda bahasyna görä hasaplanýar. Ýylyň dowamynda bahalaryň arzanlamagy ýa-da gymmatlamagy hasaba alynmaýar. Hasapda ýylyň ahyryndaky baha esaslanylýar.

Söwda harytlary bir ýylyň dowamynda öz görnüşleri ýa-da başga görnüşdäki mal bilen çalşylsa, çalşylan malyň üstünden bir ýylyň geçmegi hökman däldir. Mysal üçin, bir söwdagär ýylyň başynda gurluşyk materiallaryny satyp, haly alsa, soň ony satyp, kerpiç söwdasyny edip başlasa, ýylyň soňunda bu mal nisap mukdaryna ýetse zekatyny bermelidir.

Söwda üçin saklanýan haýwanlar söwda harydy hökmündedir. Olaryň zekaty 2,5 % berilýär.

Söwda harytlarynyň zekatynyň 2,5 % mukdarynda mal-haryt görnüşinde berip bolşy ýaly, lomaý söwda bahasyndan pul görnüşinde-de berlip bilner.

Bu maglumatlara görä, bir söwdegär ýylyň ahyrynda elindäki harytlaryny lomaý söwda bahasyna görä pul görnüşinde hasaplap, munuň üstüne beýleki pullaryny, karz beren pullaryny, gymmatly kagyzlaryny goşup, bu mukdardan bergisini aýryp, galanyndan 2,5% zekat bermelidir.

Algynyň we berginiň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Bir kişiniň nisapdan geçýän ýa-da nisabyny peseldýän mukdarda bergisi bar bolsa, onuň malyna zekat düşmeýär. Bu ýagdaýdaky adam zekat bermäge däl-de, almaga laýykdyr. Çünki malyna doly eýe däldir. Algynyň bolsa iki görnüşi bardyr. (Bu mesele babatda «Doly eýeçilik» diýen bölüme serediň.)

Enjam, zawod-fabrika ýaly senagat baýlygynyň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Zekat beriljek mal üçin hökmany şertlerden biri ol nami, ýagny, köpelip, önüp, girdeji getirmelidir, şeýle hem asly zerurlyklardan bolmaly däldir. Häzirki döwüpde sosial we tehniki ösüşler sebäpli zawod-fabrika, gural, enjam, stanok, kärende jaýy, myhmanhana, hususy uçar, awtobus, ýük maşyny, ýeňil awtomaşynlar ýaly ş.m. mallar döredi. Bu mallar girdeji getirip, asly zerurlyklaryndan bolmasa, olaryň zekaty hökman berilmelidir. Bu meselede alymlaryň arasynda hiç hili jedel ýokdur.

Senagatda ulanylýan stanoklar, gurallar, enjamlar girdeji getirýändigi üçin nami mal saýylýar. Bular agaç ussasynyň ýa-da demirçi ussanyň ulanýan gurallary bilen deň görülmeýär. Çünki agaç ussasy we demirçi öz gurallarynyň üsti bilen önüm öndürýär. Şonuň üçin müžtehid ymamlar senetçileriň gurallaryny asly zerurlyklardan saýyp, zekatdan boşadypdyr.

Senagat ulgamyndaky maýa goýumlaryň nähili usul we ölçege görä zekatynyň berilmelidigi meselesinde, esasan iki garaýyş öňe sürülýär: Käbir alymlar bulary ekin meýdanyna meňzedip, fabrika önümleriniň satuw nyrhy, girdejisi belli bolsa 10%, näbelli bolsa 5% zekat berilmelidir diýýärler. Bu praktikada ulanmaga ýeňildir.

Ebu Zehra, Hallaf, Kardawi ýaly alymlar durmuşda ýeňil bolmagy üçin ekin meýdanynyň özünden däl-de, hasylyndan zekat alynýandygyny esas edinip, ähli çykdajylary, ýyllyk amortizasiýa tölegi aýrylandan soň arassa peýdanyň 10%-ini, umumy girdejiniň 5%-ini zekat bermeli diýen netijä gelýärler.

Käbir alymlar bolsa fabrikanyň amortizasiýa tölegi aýrylandan soň, senagat önümleriniň şol günki bahasyndan 2,5% zekat berilmelidir diýip hasaplaýarlar. Bu garaýyşdaky alymlaryň esaslanýan tutarygy şulardyr:

1. Senagat ulgamyndaky ulanylýan stanoklar ekin meýdanlaryna deňeşdirilip bilinmez. Çünki, stanoklar toprakdan tapawutlylykda işledigiçe könelýär. Belli wagtdan soň käbir detallary hökman çalşyrylýar. Häzirki döwrüň çalt ösýän tehnologiýasy bu stanoklaryň tutuşlygyna täzelenmegini hem mejbur edýär. Bu stanoklaryň täze görnüşleri az çykdajy we az zähmet bilen has köp önüm öndürýändikleri sebäpli, bazaryň talaplaryndan yza galmazlyk üçin, olary täzeläp durmak zerur bolýar. Şonuň üçin amortizasiýa tölegi, enjamyň könelmek paýy, bulardan başga-da ýangyn, bozulmak ýaly garaşylmadyk ýagdaýlar olaryň ekin meýdanlary bilen deňeşdirilip bilinmejekdigini görkezýär. Şonuň üçin senagat maýa goýumlary zekatdan boşadylmaly. Şeýle hem ikinji gezek gaýtadan enjam satyn almak üçin ätiýaçlyk paýy aýrylmalydyr.

2. Ekin meýdanlary zekat taýyndan beýleki peýda we girdejilere meňzemeýär. Ekin meýdanynyň hasylynyň zekaty hasyl ýygnalanda bir gezek berilýär. Söwdada harydyň öwrülmese, näçe ýyllap ambarda saklansa-da zekaty berilmeýär. Senagat ulgamynda bolsa, ýylda on-on bäş gezek önüm öndürýän fabrik-zawodlar bar. Eger olar ekin meýdany bilen deň tutuljak bolsa, her önüm öndürilende zekaty berilmeli bolar.

3. Yslam taryhynda öýüň, kerwensaraýyň, hammamyň kireýine berlip, girdejisinden zekat berilýändiginiň mysaly köpdür. Ahmet b. Hanbeliň hut öz jaýyny kireýine berip, girdejisiniň zekatyny berendigi barada ýazylýar. Mälim bolşy ýaly, olar altyn we kümüş bilen deňeşdirilip 2,5 % zekaty berlipdir.

4. Häzirki döwürde senagat ulgamyny söwda ulgamy bilen deňeşdirmek has makuldyr. Çünki senagat ulgamy söwda bilen has içgin gatnaşykdadyr. Öndürilen önümleriň iň gowy şertlerde ýerlenmegi üçin reklama, gaplamak ýaly işlere girdejiden uly paý aýrylýar. Bularyň her biri göni söwda bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin senagat ulgamyny ekin meýdanyna meňzetmek dogry däldir.

Netijede, senagat ulgamyndaky işler söwda ulgamy bilen deňeşdirilip, zekatdaky esasy kadalara üns berlip, bergiler, ätiýaçlyk şaýlar, zähmet haky, önüm öndürmek, ýerlemek, dolandyryş, maliýe we şuňa meňzeş çykdajylaryň hasaby edilip aýrylandan soň, dolanyşykda bolan zatlardan 2,5 % zekat berilmelidir.

Jaý, ulag serişdeleriniň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Asly zerurlykdan başga girdeji getirýän jaýlar, uly binalar, dükanlar, gara, howa we deňiz ulag serişdeleriniň zekaty hökman berilmelidir. Ýöne bulardan nähili zekat alynjakdygy meselesinde üç dürli garaýyş bardyr:

1. Bu girdeji çeşmeleriniň öz gymmatlyklaryndan däl-de, getirýän girdejileri pul nisabyndan hasaplanyp zekaty berilýär.

2. Ekerançylyk we miwe önümleriniňki ýaly, arassa peýdanyň 10%-i, umumy girdejiniň 5%-i zekat berilmelidir.

3. Bu girdeji çeşmeleriniň öz gymmatlary bilen getirýän peýdasy jemlenip, onuň 2,5%-i zekat berilýär.

Hanefi mezhebiniň alymlary bu üç garaýşyň birinjisini kabul edip, bu girdeji çeşmeleriniň öz gymmatlyklaryndan däl-de, peýdasyndan zekat berilmeli hasaplapdyrlar.

Ýöne häzirki döwrüň alymlary bu girdeji çeşmeleriniň ekin meýdanlarynyň girdejisine meňzedilmegini has laýyk görüp, ýyllyk amortizasiýa, salgyt we çykdajylar girdejiden aýrylyp, arassa peýdanyň 10%-i, umumy girdejiniň 5%-i zekat berilmeli pikirini kabul edipdirler. Muny zekatyň farz edilmegindäki sebäp we hikmetlere has muwafyk görüpdirler.

Aýlyk hakynyň, öz erkine işleýän işgäriň, telekeçiniň gazanjynyň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Aýlyk, hepdelik möwsümleýin işläp, aýlyk hakyny alýan işçi, gullukçy we öz erkine işleýän lukman, aklawjy, inžener, tikinçi, dellek ýaly hünär eýeleriniň gazançlaryna zekatyň düşüp-düşmeýändigi meselesine iki garaýyş bardyr.

a) Bu girdejiler miras, peşgeş, sylag-serpaý ýaly, maly müsdefat (täze mal) görnüşindedir. Şonuň üçin ýyl geçirmek şert edilmän, bu girdejiler işçiniň, gullukçynyň ýa-da telekeçiniň asly zerurlyklaryny üpjün edenden soň artýan bolsa, artan mukdaryň ýyllyk jemi nisap mukdaryna ýetýän bolsa, ýylyň ahyryna garaşman her aý zekaty berilmelidir.

b) Şeýle kişileriň girdejileri ýylyň ahyrynda asly zerurlyklaryny üpjün edenden soň, galany nisap mukdaryna ýetýän bolsa, bir ýyl garaşylýar we şondan soň 2,5 % zekaty berilýär. Görşümiz ýaly, bu gazançlar nisaba ýeten wagty iki garaýyşa görä-de, (1 ýyl garaşmakdan başga) zekaty berilýär.

Aksiýanyň we tahwiliň (konwersiýanyň) zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Aksiýa peýdada we zyýanda şerekete şäriklik edýän dokumentdir. Başgaça aýdylanda, aksiýa – bir söwda şereketiniň (erleşen ýeri, binalary, fabrikasy, enjamlary, inwentarlary, puly, algy-bergileri we beýleki şereketlerdäki şäriklik paýlary, patentleri) tutuş maddy we maddy däl barlygynyň belli bir bölegini görkezýän mülkiýet aktydyr. Bular şereketiň söwdadaky gazanjyna ýa-da zyýanyna görä artýar ýa-da kemelýär. Şeýle hem, bu dokumentler nominal gymmatlygyndan başga aksiýa birjasyndaky emele gelen nyrhlaryndan alnyp satylýar.

Tahwiller bolsa, gozgalýan emläk gymmatlyklary biržasynda alnyp-satylýan, bank, şereket ýa-da döwlet tarapyndan prosent bilen karzyna pul tapmak üçin çykarylan nominal gymmatlyklary deň bolan borç kagyzlarydyr. Bularyň, esasan, pul we kuponlar diýlen iki görnüşi bardyr. Kuponlar, umuman, ýyllyk bolup, tölenjek prosent mukdaryny görkezýär. Tahwiller prosentli amal bolandygy üçin haramdyr. Ýöne bularyň haramdygy zekata degişli däldigini aňlatmaýar. Bu erkekleriň altyny zynat hökmünde ulanmagy haram bolsa-da, nisap mukdaryna ýetýän bolsa, zekatyny bermäge borçly boluşlary ýalydyr.

Bularyň zekaty meselesinde häzirki döwrüň alymlary iki garaýşy öňe sürýär:

1. Eger aksiýalar we tahwiller bilen biržada alyp-satmak arkaly söwda harydy ýaly gazanç edilýän bolsa, söwda harydy ýaly zekaty bardyr. Ýöne aksiýalar we tahwiller diňe gazanç etmek üçin maýa goýum niýeti bilen saklanýan bolsa, ekerançylyk we miwe önümlerine deňeşdirilip, fabrikalaryň we binalaryň zekaty ýaly arassa peýdanyň 10% mukdarynda zekat berilýär.

2. Aksiýalar we tahwiller isle söwda, isle eklenç maksady bilen alynsyn, nisap mukdaryna ýetýän bolsa, 2,5% zekaty berilmeli. Çünki bular ekin meýdanynyň hasylyna däl-de, kagyz pullara meňzeşdir.

Ýusuf Kardawi aksiýalary iki görnüşe bölýär: eger şereket eksport-import firmasy ýaly, diňe söwda maksatly bolsa, onuň aksiýalary bazar nyrhynyň we girdejileriniň jeminden 2,5% zekaty berilýär. Ýöne şereket nebit, nah mata, metallurgiýa ýaly hem söwda, hem-de senagat firmasy bolsa, onda aksiýalaryň arassa peýdasyndan 10% zekat berilmelidir.

Magdan, hazyna we deňiz önümleriniň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Pygamberimiziň hadyslarynda we sahabalaryň durmuşynda ýer astyndaky hazyna we magdanlaryň zekatynyň berlendigi barada dürli rowaýat we maglumatlar bar. Fykyh ylmynda «rikaz» sözi: magdanlary, beýleki ýerasty baýlyklary we ýeriň aşagynda gömlen hazynlary öz içine alýar.

Magdanlaryň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Otda eredilip, galypa guýulýan altyn, kümüş, mis, demir, gurşun, galaýy ýaly magdanlaryň zekaty nisap mukdaryna ýetende bäşden birine deňdir. Otda eremeýän, şekil almaýan hek, almaz, ýakut, pöwrize, duz ýaly jisimlerden şeýle hem suwuk görnüşdäki nebit, gaz, suw ýaly magdanlardan hanefi mezhebinde zekat berilmesiz hasaplanýar. Ýöne beýleki mezheplerde bularyň hem zekaty berilmelidir. Häzirki özgerýän şertlerde – bu magdanlaryň çykarylyp, işlenilip, satylýan döwründe, magdan işletmek söwda ulgamyna öwrülipdir. Onda-da ençeme işçi, inžener işledilýär, stanoklar ulanylýan göwrümine görä peýda getirýän ulgamdyr. Şol sebäpli, häzirki zaman alymlarynyň pikiriçe, magdanyň gaýtadan işlenilmeginde harçlanýan zähmet we harajatlar hasaba alnyp, eger köp zähmet we çykdajy edilip öndürilýän bolsa, söwda harydy ýaly 2,5%, az zähmet we harajat talap edýän bolsa, 20% zekat berilmelidir. Magdanlardan zekat bermek üçin nisap we bir ýyl geçmek şerti ýokdur.

Deňiz önümleriniň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Merjen ýaly deňizden çykarylýan gymmat bahaly daşlardan Ymam Ebu Ýusufa görä 20% zekat berilýär. Ýöne dört mezhep ymamy bu önümlere zekatyň düşmeýändigi meselesinde ittifak edipdirler. Emma häzirki döwürde deňizden çykarylýan balyk, hünji, merjen ýaly gymmatlyklaryň söwdasy edilýär. Magdanlar babatda belleýşimiz ýaly, häzirki döwürde deňizden öndürilýän bu önümler peýda getirýän ulgama öwrülipdir. Şonuň üçin deňiz önümlerinden mezhep ymamlarymyzyň ittifak edişleri ýaly 20% mukdarda zekat alynmasa-da, bular söwda harytlarynyň zekatynda bolşy ýaly nisap we bir ýyl geçmek şerti göz öňünde tutulyp, 2,5% zekaty berilmelidir.

Hazynalaryň zekaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Hazynalaryň üç görnüşi bardyr.

1. Yslam nyşany bolan hazynalar. Bulary tapan garyp bolsa, özüne alyp, baý bolsa döwlete bermeli ýa-da garyplara paýlamalydyr.

2. Musulman däl kişileriň gömen hazynalary. Bular tapylanda bäşde biri döwlete tabşyrylýar. Galany ýeriň eýesiniňki, eýesi ýok bolsa, tapanyňkydyr.

3. Şübheli hazynalar. Bular çen bilen yslam nyşany bolan hazyna, ýa-da musulman dällere degişli hazyna ýaly hasap edilýär.

Zekaty berilmeýän mallar

[düzet | çeşmäni düzet]

1. «Hawaýiji aslyýe» diýlip atlandyrylýan asly zerurlyk bolan mallardan zekat berilmeýär. Olar: maşgalanyň iýjek-içjegi, egin-eşigi, ýaşaýyş jaýy, öý goşlary, bergisini üzjek mal baýlygy, hünärine degişli iş stanoklary, münülýän we goşulýan haýwanlar (häzirki döwürde awtomobil, ýük maşyny, traktor), ylym öwrenmek niýeti bilen alnan kitaplar, şeýle hem zekat berjegiň seretmäge jogapkär bolan maşgala agzalarynyň zerurlyklarydyr.

Söwda niýet edilmedik, zerurlykdan artyk öý goşlaryndan, azykdan, egin-eşiklerden hem zekat berilmeýär. Altyn we kümüşden başga platina, brilliant we ş.m. zynat üçin ulanylýan gymmat baha zatlardan hem zekat berilmeýär.

Ýöne şeýle mallar asly zerurlykdan artyk bolup, olaryň gymmaty nisap mukdaryna ýetýän bolsa eýesi baý hasaplanýar. Ol bulardan zekat bermese-de, oňa fitre bermek we gurban kesmek wajyp bolýar. Şeýle hem onuň zekat we sadaka almagy jaýyz däldir.

2. Bergini üzmek üçin saklanýan puldan we maldan zekat berilmeýär. Bergidar bergisini üzenden soň, yzynda galýan maly nisap mukdaryna ýetmeýän bolsa, zekat bermeli däldir.

3. Diňe kireýine berýän jaýyňdan, dükanyňdan we ş.m. girdeji getirýän guraldyr enjamlardan we ulag serişdelerinden zekat berilmeýär. Ýöne bularyň girdejisi asly zerurlyklara harçlanandan soň, galany nisap mukdaryna ýetýän bolsa zekaty berilmelidir.

4. Talaňçylyk, ogurlyk, humar ýaly haram ýollar bilen gazanylan baýlykdan zekat berilmeýär. Eger haram malyň hak eýesi bar bolsa, yzyna gaýtarylmalydyr, ýok bolsa garyplara paýlanmalydyr. Ýöne haram mal halal mala gatyşyp, haýsynyň haram ýa-da halaldygy saýgarylmasa, onda ähli maldan zekat berilmelidir.

Zekatyň berilmeli ýerleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Zekatyň nirelere berilmelidigi barasynda Tewbe suresiniň 60-njy aýatynda şeýle buýrulýar: «Sadakalar (zekat) Allahdan gelen farz hökmünde pakyr-pukaralara, misginlere, zekat ýygnaýjylara, köňüllerini yslama ysnyşdyrmak islenilenlere berler. Gullar, bergidarlar, Allahyň ýolunda jihad edenler we sapara çykyp, ýolda galanlar üçin sarp ediler. Allah alim we hakimdir».

Bu aýaty kerimede geçýän sekiz toparyň üstünde gysgaça durup geçeliň:

Pakyr-pukaralar we misginler

[düzet | çeşmäni düzet]

Pakyr-pukaranyň we misginiň şol bir adamdygyny aýdýanlaryň bolşy ýaly, bularyň biri-birinden tapawutlydygyny belleýänler hem bolupdyr. Alymlaryň käbiri pakyr-pukara has ýoksuldyr diýse, käbiri misgin has ýoksuldyr diýýär. Ýöne dürli garaýyşdaky alymlaryň pikirdeş ýerleri şulardyr:

a) Maly we gazanjy bolmadyk,

b) Maly we gazanjy bolsa-da, maşgalasyny ekläp bilmeýän,

ç) Gazanjy eklenjiniň ýarysyna ýetýän kişiler.

Zekat – pakyr-pukaralaryň we misginleriň eklenji, saglygyny bejertmek, öýlenmek we bilim-terbiýe çykdajylary üçin harçlanyp bilner.

Zekat ýygnaýjylar

[düzet | çeşmäni düzet]

Bu zekatyň ýygnalmagy we paýlanylmagy döwlet tarapyndan amal edilýän döwürde ýörgünlidir. Şol wagt zekat ýygnaýjylara belli mukdarda zekat malyndan aýlyk haky berilýär.

Müellefeýi kulub – kalplary yslama ysnyşdyrmak islenilenler diýmekdir. ==== Müellefeýi kulub Pygamberimiziň amal edişine görä, şu görnüşlere bölünip biler:

a) Özüniň ýa-da tire-taýpasynyň beriljek zatlar arkaly musulman bolmagy umyt edilýänler,

b) Yslama we musulmanlara getirip biljek zyýanlarynyň öňüni alyp bolar diýlip tama edilenler,

ç) Yslama täze girip, imany ýüreginde doly ornaşmadyk we munuň bilen olary yslama pugta baglap bolar öýdülenler,

d) Heniz musulman bolmadyk, ýöne onuň musulman bolmagy bilen özi ýalylary yzyna düşürip musulman edip biljek ýolbaşçy derejesindäki ygtybarly kişiler.

Käbir fykhy mezheplere görä, Pygamberimiziň dünýeden ötmeginden soň, müellefeýi kuluba zekat berilmeýär. Çünki mundan beýläk yslam azizdir, ýagny kuwwatlydyr. Şeýle edilmegine zerurlyk ýokdur. Käbir alymlara görä bolsa, bu hökümi aradan aýyrjak bir delil bolmasa, dürli döwür we ýerlerde muňa zerurlyk bolup biler. Ýusuf Kardawi bu mesele barada şeýle aýdýar: «Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynda, musulmanlaryň bähbidi üçin, musulman däl ýurtlarda yslamy ýaýratmak maksady bilen iş alyp barýan şahslardyr we guramalara, yslamy goramaklary üçin käbir güýçli žurnalistdir ýazyjylara, yslama garşy ýöredilýän akymlara garşy göreşmekleri hem özlerini goramaklary üçin, aýratyn hem täze musulman bolan şahslara we jemgyýetlere zekatdan harçlamak bolar». Ýusuf Kardawi ýaly birnäçe döwürdeş alymlaryň pikirlerine görä, missionerlik etmek bilen gaýry dini guramalaryň uly harajatlar çykaryp, öz dinlerini ýaýratmaga, şeýle hem musulmanlaryň arasynda wagyz edip, kä zor salyp, kämahal bolsa maddy kömekler arkaly musulmanlary yslamdan uzaklaşdyrmaga çalşylýan şu döwürde zekat fondunyň döredilip işledilmegi zekatyň şu zeýilli işler üçin farz edilmegi has laýykdyr.

Mundan öňki agzan dört synpymyz zekatdan berlen mallary isleýişleri ýaly harçlap biler. Ýöne mundan soňky dört synp bolsa, zekat almaga hukuk alan wagtyndan başlap ony harç edip başlamaga mümkinçilik gazanýarlar. Bu meseläni aýaty terjime edenimizde nygtapdyk.

Yslamyň gulçulygy aradan aýyrmak üçin peýdalanan ýollaryndan biri hem zekat mallaryndan gullary azat etmek üçin bir paý aýyrmagydyr.

Bergidarlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Hanefi mezhebine görä, bergidar – bergisi bolan we bergisinden başga nisap mukdary mala eýe bolmadyk kişidir. Beýleki üç mezhebe görä bolsa, bergidaryň iki görnüşi bardyr.

1. Öz zerurlygy üçin bergä batan: azyk, egin-eşik, saglygyny bejertmek, öýlenmek, öýlendirmek, öý goşy we ş.m. sebäplerden, ýa-da sil, ýangyn, ýer titremesi ýaly tebigy apatlara uçrap bergä batan kişidir. Bulara zekatdan kömek berilýär. Ýöne bergidaryň bergisi içgi, humar, zyna we ş.m. haram keýpler sebäpli bolmaly däldir.

2. Başga biri ýa-da döwlet we halk bähbidi üçin bergä batan. Mal ýa-da gan dawasy sebäpli araçy bolup, ýa-da mekdep, mesjit, keselhana ýaly il bähbitli jaýlary gurmak üçin bergä batan kişidir.

Fi sebilillah – Allahyň ýolundakylar

[düzet | çeşmäni düzet]

«Fi sebilillah» sözünden mezhep ymamlary hem-de häzirki döwrüň din alymlary iki many çykarypdyr: Birinji manysy – Allaha ýakynlaşmak maksady bilen her bir haýyr işde işleýän.

Ikinji manysy – yslamy ýaýratmak üçin göreş alyp barýan. Gadymy döwürde bu göreş esasan söweş görnüşinde bolupdyr. Şonuň üçin söweşen esgerleriň, meýletin gazylaryň at, ýarag ýaly ähli zerurlyklary zekatyň hasabyna üpjün edilipdir.

Öňki döwre garanda, häzirki döwrüň şertleri başgadyr. Şonuň üçin häzirki döwür yslam alymlary «fi sebilillah» sözüne musulmanlaryň peýdasyna bolan her dürli işleri we hereketleri degişli edip, oňa giň many berýärler. Şunlukda, yslamyň ýaýramagy üçin işleýänlere, onuň garşysyna edilýän hüjümlere galkan bolup döş gerýän ýa-da döş germäge taýyn şahslara, okuwçydyr talyplara azyk, egin-eşik, şahsy çykdajylary üçin berilýän kömekler zekatdan üpjün edilip bilner. Çünki şu döwrüň üýtgeýän şertlerine laýyklykda, yslamy ýaýratmak we howpsuzlyk üçin edilýän her dürli hyzmatlar öňki döwrüň jihadyna deňdir.

Ibnüssebil – ýolagçylar

[düzet | çeşmäni düzet]

Ýolagçy – ryzk, ylym, jihad ýaly, yslamyň höweslendirýän meşrug sebäpleri bilen sapara çykyp, öz iline dolanyp gidip bilmejek derejede mätäçlige uçran kişidir. Bu kişi ilinde gaty baý hem bolsa, oňa zekat düşýär. Ýöne onuň üçin ýoluň zerurlygyna ýeterlik karz almagy, zekat alandan has gowudyr. Şeýle ýolagça iline baryp ýetýänçä zerur boljak ähli çykdajylaryna ýeterlik mukdarda zekat berlip bilner.

Zekat almagy jaýyz däller

[düzet | çeşmäni düzet]

Zekat şahs we jemgyýet durmuşynda ençeme maksatlary amal etmek üçin farz edilendir. Şol sebäpli, bu maksatlara hyzmat etmejek ýerlere ýa-da şahslara zekat berilmeýär. Bular:

Baýlaryň eklenjindäki maşgala agzalary hem baý saýylýar we olara zekat düşmeýär.

Güýç-kuwwatyny ýitirmedik, işläp gazanyp biljekler

[düzet | çeşmäni düzet]

Bu kişiler zekat alyp bilmez. Ýöne güýç-kuwwaty ýerinde bolup, işlemäge mümkinçilik tapmadyk, nisap mukdary mala-da eýe bolmadyk kişiler zekat alyp bilýärler.

Musulman däller

[düzet | çeşmäni düzet]

Allahyň barlygyny, birligini, pygamberleri, ahyreti inkär edenlere, musulmanlara garşy göreşýänlere, yslamy terk eden mürtedlere hiç hili ýagdaýda zekat berilmeýär. Ýöne nafile sadakalardan musulman dällere-de berip boljakdygy meselesinde alymlar biragyzdan ittifak edýärler.

Garyndaşlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Bu meseläniň üstünde has giňişleýin durup geçeliň.

a) Usul-furug – kişiniň ene-atasy, ýa-da perzendi we agtyklary diýmekdir. Bu şahslaryň eklenji boýnunda borç bolany üçin, kişi olara zekat berip bilmeýär. Şafygy mezhebinde diňe borjuny ödemek maksady bilen usul-furug biri-birine zekat berip bilýär.

b) Ýanýoldaş. Är aýalyna zekat berip bilmeýär. Ýöne baý aýal garyp ärine (Ymam Ebu Ýusuf, Ymam Muhammet we beýleki mezhep ymamlaryna görä) berip bilýär.

ç) Beýleki garyndaşlar. Dogan, aga, daýy, daýza ýaly garyndaşlara hanefi we hanbeli mezhebine görä zekat bermek jaýyzdyr. Şeýle hem ynsan bu garyndaşlaryna zekat bermek bilen diňe farzyny ödemän, olara ýagşylyk etmek sogabyny hem gazanýar. Giýew, gaýyn ata, gaýyn ene biri-birine zekat berip bilýär.

Pygamberimize we Onuň maşgala agzalaryna, garyndaşlaryna zekat we sadaka düşmeýär. Hanefi we hanbeli mezheplerine görä, özlerine sadaka we zekat almak jaýyz bolmadyk Haşim ogullary şulardyr: Hezreti Aly bilen onuň doganlary Akil we Jaferiň neslinden gelenler, hezreti Abbas bilen Haris b. Abdulmuttalibiň nesilleri. Ymamy Agzam, Mäliki we Şafygy mezhebiniň käbir alymlaryna görä, döwlet býujetinden özlerine aýrylan paýdan mahrum edilen wagty Haşim ogullaryna zekat almak jaýyzdyr. Munuň sebäbi, olary kyn, mätäç ýagdaýa salmazlyk üçindir. Käbir alymlara görä bolsa, Haşim ogullaryna nafile sadakalar halaldyr.

Zekatyň berilmeli wagty we usuly

[düzet | çeşmäni düzet]

Zekaty zekat beriljek toparlara deň mukdarda paýlamak şert däldir. Bulardan diňe birine bermek hem ýeterlikdir. Zekaty berýän, berjek adamyny gowy tanap, oňa zekatyň düşýändigini anyklamalydyr.

Zekaty berýän adamyň hut özüniň gowşurmagy hökman däldir. Ol birini wekil edinip bilýär.

Zekat berlende niýet şertdir. Çünki bu bir ybadatdyr. Ýöne berlen şahsa malyň zekatdygyny aýtmak hökman däldir. Zekat farz ybadat bolany üçin, ony gizlemän bermek has fazyletlidir. Çünki şeýle etmek başgalara nusga bolup, olary hem höweslendirýär. Zekat farz amal bolany üçin başgalara görkezilmeginde ryýa ýokdur. Nafile hökmünde berlen sadakanyň gizlin berilmegi has fazyletlidir.

Farz bolan zekat – hem Allaha tagatyň bir nyşany, hem haçan geljegi gizlin ajal sebäpli, ahyrete borçsuz gitmek üçin, gijikdirilmän berjaý edilmegi zerur ybadatdyr. Şeýle hem zekat almaga hakly kişiniň haky saklanmaýar. Bu ätiýaçlylyk we sogap taýyndan has laýygydyr. Umuman, mezhepleriň ählisiniň ündeýşine görä, zekat wagtyňdan iki aý gijikdirilip bilner.

Hatda hanefilere görä, zekatyny sebäpsiz bermedikleriň şaýatlygy kabul edilmeýär we beýle kişi günäkär saýylýar.

Beriljek malyň özüni hem, bahasyny hem, zekat hökmünde bermek bolýar.

Üstünden bir ýyl geçmek şerti bolan pul we söwda harytlarynyň zekatyny wagtyndan öň hem bermek bolýar. Bu meselede hiç hili çäklendirmek ýokdur. Ýöne gök önümler, miweler, magdanlar ýaly bir ýyl geçmek şerti bolmadyk mallaryň zekaty öňüňden berlip bilinmez.

Zekat bermekde esasy usul, ony ýaşaýan ýeriňde paýlamakdyr. Başga ýerlere iberilmegi mekruhdyr. Ýöne kişi mätäçlik çekýän ýakynlaryna, has mätäçlikde ýaşaýan musulmanlara, has bähbitli ýere, musulman däl ülkeden yslam diýaryna, ylym adamlaryna we okuwçydyr talyplara iberip bilýär.

Zekatda mürury zaman, ýagny könelmek diýlen zat ýokdur. Zekat borjy ýyllaryň geçmegi bilen kişiniň boýnundan aýrylýan däldir. Zekat borjy bolan kişi muny ömrüniň dowamynda islendik wagt töläp bilýär.

Diňe kişi ölen ýagdaýynda zekat borjy boýnundan aýrylýar. Zekatyny bermän ölse, şol wagt günäkär bolýar. Şonuň üçin zekaty gijikdirmän bermek has gowusydyr.

Zekat borjy bolan kişi bu borjy ölmeziniň öň ýany üzmegi wesýet eden bolsa, terekäniň 1/3-inden tölenýär. Terekäniň bu mukdary zekat borjuny tölemäge ýetmeýän bolsa, mirasdarlardan alnyp berilmeýär. Ýöne mirasdarlar öleniň zekat borjuny, wesýet etse-etmese, öz paýlaryndan teberru (bagyşlamak) görnüşinde berseler has gowudyr.

Zekat zimmete, ýagny mal eýesine däl-de, malyň göni özüne degişlidir. Şonuň üçin bir mal zekaty wajyp bolandan soň, öz-özünden zaýa bolsa, onuň zekaty eýesiniň egninden aýrylýar. Ýöne mal eýesi bilgeşleýin maly harçlasa, meselem, birine bagyşlasa ýa bir zat alyp berse.., malyň zekatyny bermeli bolýar.

Bir kişiniň zekaty, meselem: müň manat bolup, ýalňyşlyk bilen iki müň manat berse, onuň bu artyk bereni indiki ýylky zekaty saýylyp bilinýär.

Bir kişi malynyň zekatyndan bir garybyň borjuny onuň rugsady bilen tölese, zekatyny beren hasaplanýar. Ýöne garypdan rugsat alman tölese, zekat berildigi hasap edilmeýär.

Bir kişä berip bolýan zekatyň iň ahyrky mukdary Ymam Agzama görä, nisap mukdaryndan az, Ymam Ebu Ýusufa görä, nisap mukdarydyr. Ymam Mälik we Ahmet b. Hanbele görä bolsa, döwrüň şertleri we garybyň ýagdaýy göz öňünde tutulmalydyr. Ymam Şafyga görä bolsa, sekiz topardan iň azyndan üçüsine bermelidir.

Bu meselede döwrüň şertleri göz öňünde tutulyp, zekat alan kişini kyn ýagdaýdan halas edip, ony zekat berip biljek derejä ýetirmek has laýygydyr.

Fytyr sadakasy

[düzet | çeşmäni düzet]

«Fytr» sözüniň manysy «orazany açmak» diýmekdir. Fytyr sadakasy bolsa, Allahyň ynsana remezan aýynyň bereketinden peýdalanmak mümkinçiligini berenligi üçin, muňa şükranalyk hökmünde berlen sadaka diýmekdir. «Fiträniň» arapça asly bolan «fytra» ýaradylyş, fytrat manylaryny berýär. Bu jähtden fitre, fytyr sadakasy Allahyň bizi älemde iň beýik barlyk – ynsan hökmünde ýaradandygy üçin şüküriň we minnetdarlygyň bir görnüşidir. Bu gysga düşündirişimizden görnüşi ýaly, fitre bilen fytyr sadakasy manydaşdyr.

Fiträniň istilah manysy remezan aýynyň soňunda nisap mukdary mala eýe bolan musulmanlara bermäge mükellef edilen wajyp bir sadakadyr. Fitre Pygamberimiziň Medinä hijretinden iki ýyl soň, oraza bile wajyp edilen ybadatdyr. Fitre barada Pygamberimizden ençeme hadys rowaýat edilipdir. Olardan käbiri: Ebu Said el-Hudri şeýle gürrüň berýär: «Biz fitre zekatyny Resulullah aramyzdaka azyk önümlerinden (bugdaý) bir sa’, ýa-da hurmadan, ýa-da arpadan, ýa-da kişmişden bir sa’, ýa-da keşkden (ýagy alnan süýt bilen garylyp, guradylan un) bir sa’ bererdik. Men ömrüm ötünçä fiträmi berjekdirin», (Ahmet b. Hanbel).

Abdullah b. Salebe şeýle gürrüň berýär: «Resulullah (s.a.w.) remezan baýramyndan bir ýa-da iki gün öň eden wagzynda şeýle aýtdy: «Bugdaýdan, arpadan ýa-da hurmadan bir ölçeg (sa’) azat, gul, uly-kiçi – her kes sadaka bersin», (Ahmet b. Hanbel).

Ibni Abbas: «Resulullah: «Fytyr zekatyny (fiträni) orazalyny peýdasyz sözlerden we amallardan, erbet we biderek gepleriň hapasyndan tämizleýji, pakyrlara-da azyk hökmünde farz kyldy. Fiträni kim baýram namazyndan öň berse, bu makbul bir zekat, kim soň berse ýöne sadaka bolar» diýip gürrüň beripdir, (Ebu Dawud, Ibni Maje).

Fiträniň hikmetleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Fitre hakynda Ibni Abbasyň gürrüň beren hadysyndan ugur alyp, fiträniň hikmetlerini şahsyýet we ijtimagy taýdan şeýle düşündirmek bolýar:

a) Şahsyýet taýyndan: Oraza tutýan kişi beşer bolandygy üçin orazaly halyna ynsana mahsus säwlikleri edip biler. Bular oraza ybadatyna egsiklik getirmekdir. Bu egsikligiň düzedilmegi ybadatyň kämil bolmagy üçin hökmandyr. Bu nukdaýnazardan fitre orazany kämillige ýetirýän ybadatdyr. Şol sebäpli, käbir alymlar fiträni namazdaky sehiw seždesine meňzedipdir. Oraza temasyna degişli bölümde nygtap geçilişi ýaly, oraza diňe belli bir wagtyň aralygynda iýmek-içmekden, jynsy gatnaşykdan saklanmakdan ybarat däldir. Ynsan bulardan başga göz, gulak, el, aýak, hatda ähli duýgularyna oraza tutdurmalydyr. Ol ybadatyny pygamberlere, salyhlara, syddyklara mynasyp derejede amal edip, seýrek ynsanlaryň ýeten belentliklerine ýetmäge mümkinçilik gazanmalydyr.

b) Ijtimagy taýyndan: Fitre baýram günlerinde garyp kişiniň hem saçagynyň dürli nygmatdan doly bolmagyna hem-de has gowy egin-eşik almagyna mümkinçilik döredýär. Şeýlelik bilen jemgyýetde baý-garyp biri-birine has ýakynlaşýar. Aradaky husytlyk, bahyllyk duýgulary azalyp, ýürekler ýumşaýar, başgalara kömek etmek, mähribanlyk duýgusy artýar. Belki-de şol sebäpden fiträniň berilmeli mukdary az goýlup ýeňilleşdirilendir. Şeýlelikde, has köp kişiniň başgalara kömek etmek lezzetini datmagyna mümkinçilik döredýär. Ilki göräýmäge sähelçe, ýeňil hem gymmatsyz ýaly görünýän fitre emri umumy ölçegde seredilende hem maddy, hem-de san taýyndan ägirt uly mukdara ýetýär. Meselem, yslam älemindäki bir milliard çemesi adamyň ýarysynyň fitre berýändigini göz öňüne getirseň, jemgyýetiň gatlaklarynyň arasynda rehim-şepagat we mähir duýgularynyň näderejede mäkämleşýändigi köre hasadyr. Şeýle guramaçylyk talap edýän işiň bütin dünýä derejesinde ähli musulmanlaryň arasynda berjaý edilmegini gurnamak ynsanyň özüne gaty agyr düşerdi. Ýöne bu emriň uly diwandan – Allah tarapyn, bolmagy gaty kyn görünýän, şeýle çylşyrymly we ählumumy işi gaty aňsatlaşdyrýar.

Fiträniň hökümi

[düzet | çeşmäni düzet]

Ibni Omar şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiz azat, gul, erkek-aýal – her bir musulmana arpadan ýa-da hurmadan bir ölçeg (sa’) fytyr sadakasyny bermegi farz kyldy», (Buhary, Muslim). Bu rowaýata we başga rowaýatlardaky «emr etdi» sözüne daýanyp, Ymam Şafygy, Ymam Mälik we Ahmet b. Hanbel fiträniň farzdygyny aýdypdyrlar. Hanefi mezhebine görä bolsa, fitre wajypdyr. Ýöne hanefilere görä, farz we wajyp arasynda amal taýyndan hiç hili tapawut ýokdur. Diňe ygtykat taýyndan tapawut bardyr. Ol bolsa wajybyň zanny delil bilen subut edilýändigi üçin, muny inkär eden käfir bolmaz, emma farzy inkär eden käfir bolýar we dinden çykýar.

Jemläp aýtsak, fitre musulmana amal etmegi buýrulan maly ybadatdyr. Ony ýerine ýetirmedikden ahyretde hasap soraljagy ikuçsyzdyr.

Fitre bermegi wajyp kişiler

[düzet | çeşmäni düzet]

Fitre barada aýdylanlary göz öňünde tutup, hanefilerden beýleki üç mezhep ymamy kişiniň fitre bermegi üçin zekatda bolşy ýaly, nisap mukdary mala eýe bolmalydygyny şert goşmandyrlar. Muňa görä, öý, öý goşlary we asly zerurlykdan başga bir günlük azygyndan artyk zady bolan kişiler, hem özi, hem içerisi üçin fitre bermelidir.

Hanefi mezhebine görä, fitrede-de edil zekatda bolşy ýaly, nisap bardyr. Ýöne mundaky nisap zekatdan tapawutlydyr. Fitrede malyň girdeji getirýän söwda harydy bolmagy hökman bolmaýşy ýaly, üstünden bir ýylyň geçmegi hem gerek däldir. Muňa görä, asly zerurlykdan başga 200 dirhem (595-640 gr.) kümşe, ýa-da munuň hümmetindäki pula ýa-da, başga bir baýlyga eýe bolan her musulman fitre bermelidir.

Başgaça aýdanymyzda, hanefi mezhebine görä, şeýle ýagdaýdaky bir musulmanyň zekat almagynyň haram bolşy ýaly, fitre bermegi we gurban kesmegi wajypdyr. Şeýle hem, bu ýagdaýdaky kişiler, gyzu-oglan çagalarynyň maly bar bolsa, olaryň mallaryndan, ýok bolsa, öz malyndan fitrelerini bermelidir. Hanefi mezhebine görä, aýallar öz fitrelerini özi töleýär. Beýleki üç mezhebe görä bolsa, fitre nafaka dahylly bolany üçin, ärleri aýallarynyň fitresini tölemelidir.

Däli çaganyň fitresini kakasy tölemeli. Eger çagalaryň kakasy ýogalan bolsa, olaryň fitresini bermek atasyna wajypdyr.

Elinde fitre bermägä ýeterlik maly bolan kişiniň bergisi bar bolsa we onuň möhleti ýakyn bolsa, fitresini bermän bergisini üzmelidir. Eger-de bergisiniň möhleti daş bolsa, onda fitresini bermelidir.

Bir uzur sebäpli oraza tutmadyklar hem fitre bermelidir.

Fiträniň mukdary

[düzet | çeşmäni düzet]

Ygtybarly hadys kitaplarynda fiträniň haýsy zatlardan näçe mukdarda berilmelidigi baradaky rowaýatlaryň dürli-dürlüdigine garamazdan, bir bütewilik hem bardyr. Muňa görä, asry sagadatda arpadan, hurmadan, kişmişden, undan bir ölçeg (sa’) fitre berlipdir. Ýöne Ibni Omaryň bellemegine görä, bir sa’ arpa, ýa-da hurma bilen ýarym sa’ bugdaýy deň hasaplapdyrlar. Bularyň bahalarynyň deň bolandygy üçin, ýarym sa’ bugdaýy hem fitre hökmünde beripdirler. Ymam Agzam hezretleri Ibni Omaryň bu rowaýatyna daýanyp bugdaýdan ýarym sa’, beýlekilerden bir sa’ mukdarynda fitre bermelidigini belläpdir. Beýleki mezhep ymamlary bolsa bugdaýdan hem bir sa’ bermelidigini öňe sürüp, şol döwürde bugdaýyň Medinede gyt we gymmat bolandygyny belläpdirler.

Bir sa’ arpanyň, bugdaýyň we kişmişiň fitre bahasyny şeýle hasaplapdyrlar: 1 sa’ Kardawynyň takyklamagyna görä, 2,176 gramdyr. Yraky bir sa’ 1040 şer’i dirhem, bu bolsa 910 örfi dirheme deňdir. 1040 şer’i dirhem 2917 grama deňdir. 1040 örfi dirhem bolsa, 3,333 grama deňdir. Alymlar zekat nisabynda şer’i ölçegiň, fiträniň nisabynda bolsa örfi ölçegiň esas alynmagyny has makul görüpdirler. Fitre ýokardaky önümlerdenem, olaryň hümmetine deň pul görnüşinde hem berlip bilinýär. Yraky örfi ölçege görä hasap edilende: bugdaý 1,667 gr. X şol günki bazar bahasy = fitre mukdary, arpa 3,333 gr. X şol günki bazar bahasy = fitre mukdary, kişmiş 3,333 gr. X şol günki bazar bahasy = fitre mukdary. Kardawynyň takyklamagyna görä, bu önümleriň hemmesinden bir sa’ fitre bermelidir. bugdaý 2,176 gr. X şol günki bazar bahasy = fitre mukdary, arpa 2,176 gr. X şol günki bazar bahasy = fitre mukdary, kişmiş 2,176 gr. X şol günki bazar bahasy = fitre mukdary.

Häzirki döwürde fitre

[düzet | çeşmäni düzet]

Pygamberimiziň döwründe fitre hökmünde şol döwrüň azyk önümleri berlipdir. «Fitre hökman arpa, bugdaý, kişmiş, un, hurma we ş.m.lerden berilmelimi? Bu meselede fykhy mezhepleriň arasynda üç sany aýry garaýyş bar.

a) Hanefi we hanbelilere görä, Pygamberimiz tarapyndan bellenilen bu azyk önümleri bar bolsa – şolardan, ýok bolsa beýleki önümlerden bermelidir.

b) Şafygylara görä, her kim öz aşhanasynda ulanýan önümlerini esas edinip, şoňa görä bermelidir.

ç) Mälikilere görä, her ýurtda, esasan, iýilýän azyk önümlerinden berilmelidir.

Beýleki tarapdan fitre mukdary belli dini guramalar tarapyndan kesgitlenip halka ýetirilýär. Käbir kişiler maddy ýagdaýlaryny hasaba alman, arpa, bugdaý ýaly bahasy iň arzan önümlerden fitre berýär. Bu garybyň zyýanynadyr, şeýle hem fiträniň wajyp edilmeginiň sebäp we hikmetine ters gelýän hereketdir. Adamlaryň köpüsi fitre meselesinde haýsy mukdary ölçeg edinmelidigini anyk kesgitläp bilmeýär. Aslynda, orta gatlakdaky kişileriň iýýän önümleri esas edinilip, bir garyp bir gün doýrulsa, fitre maksadyna ýeter. Arpa we bugdaýyň fitre mukdary pul görnüşine öwrülende juda az bolýar. Bu pul bilen garybyň doýmajagy bellidir.

Şonuň üçin häzirki döwrüň alymlary şeýle netijä gelýärler:

a) Hadyslarda aýdylýan azyk önümleriniň 2176 gr. ýa-da 3333 gr. hümmetiniň jeminiň ortaça bahasy;

b) Çörek we ortaça görnüşdäki nahar bilen bir garybyň bir gün doýup biljek mukdary;

ç) Her bir maşgala öz saçagynda iýýän azygyny hasaba alyp, ertirlik we agşamlyk nahar mukdary;

d) Ymam Mäligiň belleýşi ýaly, her bir ýurtda köp iýilýän azyk önümleri hasaba alnyp, fitre şoňa görä kesgitlenmelidir. Ýöne fiträniň mukdary hadyslarda bellenilen arpa, kişmiş we ş.m.leriň bahasyndan pes bolmaly däldir. Ýogsa nasslara garşy gidildigi bolýar. Jemläp aýtsak, garybyň bähbidi göz öňünde tutulmaly, beriljek fitre mukdary öz gündelik nahar çykdajylarymyzyň derejesinden pese düşmeli däldir.

Fiträniň tölenmeli wajyp wagty

[düzet | çeşmäni düzet]

Hanefi mezhebine görä, fitre baýram güni daň agarmagy bilen şertleri bolan kişä wajypdyr. Beýleki üç mezhebe görä remezanyň soňky güni agşam Gün ýaşandan soň farz bolýar. Remezanyň soňky güni, Gün ýaşandan soň aradan çykan kişiniň üç mezhebe görä fitre bermek borjy bardyr. Mirasdarlary onuň terekesinden bu borjy hökman tölemelidir. Ymamy Agzama görä bolsa, bu ýagdaýda hiç zat gerek däldir. Munuň sebäbi fitre oňa heniz wajyp dälkä, onuň aradan çykmagydyr. Ibni Omaryň rowaýat eden hadysynda Pygamberimiziň fiträni baýram namazyndan öň berilmelidigini aýdandygy bellenýär. Bu hadysa daýanyp, fykyh alymlary fiträniň baýram namazyndan soňa goýulmagyny mekruh saýypdyr. Muňa garamazdan, hanefi mezhebi baýram namazyndan öň berilmedik fiträniň soňky günlerde berilse-de dürsdügini ündeýär. Aslynda Pygamberimiziň emri, sahabeýi kiramyň durmuşdaky amaly, fiträniň wajyp edilmegindäki sebäp we hikmetler onuň baýramdan soňa goýulmazlygynyň gerekdigini görkezýär. Allahyň we Onuň Resulynyň emrlerine laýyk borjuny berjaý edýän musulmanlar, fiträni öz wagtynda bermäge uly ähmiýet bermelidir. Fitre wagtyndan öň hem berlip bilner. Bu meselede on bäş gün, bir aý diýip çäklendirenleriň bolşy ýaly, Ymamy Agzama görä, bir ýyl öňünden hem berlip bilner.

Fiträniň berilmeli ýerleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Fitre – Tewbe suresiniň 60-njy aýatynda beýan edilýän zekat berilýän ähli gatlaklara berlip bilinýär. Fitre nisap mukdaryndaky mala eýe bolan kişilere berilmeýär. Eneňe, ataňa, ejeňe, kakaňa çagalaryňa, aýalyňa... garaz, eklemek borjuň bolan adamlara zekat we fitre bermek jaýyz däldir. Mükellef fiträni ýaşaýan ýerindäki ýakyn we daş garyndaşlaryna we goňşularyndan başlap mätäçlere paýlap bilýär. Eger ýaşaýan ýerinde mätäç kişi ýok bolsa, başga ýurtlardaky salyh mü’minlere iberip bilýär. Fitre berlende girdejisi çykdajysyna ýetmeýän, ýöne ýagşy ahlakly, edep-ekramly kişiler ýa-da yslama bolan yşk we şöwkden doly okuwçydyr talyplar saýlanmalydyr. Fitreler birnäçe adama paý edilse-de bolýar, ýöne hanefi mezhebiniň salgy berşi ýaly, kişi fitresini bermäge borçly adamlarynyň ählisiniň fitresini jemläp, bir kişä berse has göwnejaý bolar. Şeýle edilse, berlen zat mätäjiň islegini gowy kanagatlandyrar. Fitre berlen wagty hökman niýet etmelidir. Fitre mukdaryndaky mal ýa-da puly bölüp goýmak hem niýet hökmünde ýeterlikdir. Fitre berlen adama, fitredigini aýtmak hökman däldir.

Nafile sadaka

[düzet | çeşmäni düzet]

Allahyň razylygy üçin garyp mätäçlere berilýän mal, pul, ylym ýaly ynsanyň mätäç bolan zadyna sadaka diýilýär. Sadaka farz, nafile ýaly, ähli ýardamlary öz içine alýandygy üçin, zekata-da sadaka diýilýär. Ýöne sadaka diýlende ilki ýadyňa düşýän nafile sadakadyr.

Farz bolan zekat we wajyp bolan fytyr sadakasyndan başga islendik wagtda Allah üçin berlen her bir zat sadakadyr. Bu sadakada nisap mukdary, baý we garyplyk, wagt şerti ýokdur. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:

«Kimde-kim Allaha ýagşy karz berse, Allah onuň berenini köp esse artykmajy bilen gaýtarar», (Bakara, 245). Pygamberimiz bolsa, bir hadysy şerifinde şeýle buýurýar: «Kimde-kim bir ajy doýursa, Allah oňa jennetiň miwelerini iýdirer. Kimde-kim suwsuz bir mü’mine suw berse, Allah Tagala kyýamat gününde arassa içgi içirer. Kimde-kim bir egni ýalaňaç birini geýindirse, Allah oňa jennetiň ýaşyl eşiklerinden geýindirer», (Ebu Dawud Tirmizi). Başga bir hadysy şerifinde bolsa, Pygamberimiz: «Gul halal gazanjyndan sadaka berse, Allah şol kişiniň sadakasyny kabul eder. Ol sag eli bilen alyp, Siziň biriňiziň taýjagazy ösdürip ulaldyşyňyz ýaly ulaldar. Bir kişi bir lukmany sadaka hökmünde berse, ol Allahyň öňünde ulalyp dag ýaly bolar. Onda sadaka beriň!», (Buhary, Muslim, Tirmizi).

Sadaka bermek käwagt haram, käwagt wajypdyr. Meselem: sadaka berlen kişiniň muny erbet tarapa harçlajakdygy bilinse, oňa sadaka bermek haramdyr. Kyn ýagdaýdaky biriniň mätäçligini kanagatlandyrmak bolsa wajypdyr.

Nafile sadakasynyň gizlin berilmegi has fazyletlidir. Çünki Allah Tagala bir aýaty kerimede şeýle buýurýar:

«Allah razylygy üçin eden maddy kömekleriňizi açyk berseňiz ne gözel. Ýöne bu haýyrlaryňyzy mätäçlere gizlinlikde ýetirseňiz, bu siziň üçin has haýyrlydyr. Allah şol sebäpli siziň günäleriňiziň käbirini bagyşlar», (Bakara, 271). Buhary we Muslimde Ebu Hureýräniň gürrüň beren bir hadysynda: «Allahyň saýasyndan başga saýanyň bolmajak kyýamat gününde arşyň kölegesinde saýalajak ýedi topar adamdan biri-de sag eliniň beren sadakasyny sol eli duýmadyk kişidir». Taberani bolsa «Sagyr» atly kitabynda şeýle hadysy rowaýat edipdir: «Gizlin berlen sadaka Rabbiň gazabyny öçürer».

Sadakanyň remezanda berilmegi has fazyletlidir. Enesiň (r.a.) gürrüň beren bir hadysyna görä: «Pygamberimizden haýsy sadakanyň has fazyletlidigi soralýar. Ol: «Remezanda berlen sadaka» diýip jogap beripdir», (Tirmizi).

Sadaka berlende zerur wagty we mätäçlik çekilýän zatlardan sadaka bermek has laýygydyr. Sadakanyň iň fazyletlisi garyba gizlin berleni, şeýle hem malyň az hem bolsa, özüňe dözüp beren sadakaňdyr. Ýöne kişiniň malynyň hemmesini sadaka berip, özüni we maşgalasyny kyn güne goýmagy dogry däldir. Şonuň üçin Pygamberimiz: «Sadakanyň iň haýyrlysy ýagdaýyň bolanda berlenidir. Onda sadaka bermäge ilki maşgalaňdan başla», (Buhary: Muslim). Başga bir hadysynda bolsa: «Kişiniň eklenjindäkilere seretmezligi, oňa günä hökmünde ýeterlikdir» diýipdir, (Ebu Dawud Nesaýy). Diýmek, kişiniň gereginden artygyny sadaka hökmünde bermegi mustahapdyr.

Sadakanyň ulusy-kiçisi ýokdur. Çünki Allahyň dergähinde haýryň azy hem köp hökmünde kabul edilýär. Allah kabul eden bolsa, ol sadaka az däldir. Kurany Kerimde: «Zerreçe haýyr eden onuň gaýtargysyny görer», (Zilzal, 7). Sadakalar günälere keffaret, dowzah oduna garşy penadyr. Pygamberimiz bir hadysynda «Ýarym hurma-da bolsa sadaka berip, jähennem odundan goranyň. Ony-da tapmasaňyz süýji söz aýdyň» diýipdir. (Buhary, Muslim). Serwerimiz ýene bir hadysynda şeýle diýýär: «Eý, musulman aýallar, bir aýal goňşy aýala goýnuň kellebaşaýagy bolsa-da, hödür-kerem etmegi kiçilik bilmesin», (Buhary, Muslim). Nesaýyda şeýle bir waka gürrüň berilýär:

Pygamberimiz: «Bir dirhem ýüz dirhemden hem gymmatlydyr» diýende, ýanyndaky biri: «O nähili beýle bolýar?» diýip sorapdyr. Pygamberimiz:

– Maly köp biri baýlygynyň ujundan ýüz dirhemi sadaka berýär, başga biri barja iki dirheminden birini sadaka berýär – diýip düşündiripdir.

Sadaka kimlere berilmeli

[düzet | çeşmäni düzet]

Sadaka berlende mätäçleriň arasyndan salyh kişileri saýlamak mustehapdyr. Ynsan dilegçini-de boş gaýtarmaly däldir. Elinden geldigiçe ony razy etjek bolmalydyr. Pygamberimiz: «Dilegçi sadyk bolup, hakykatdan mätäç bolsa, ony yzyna gaýtaran pena tapmaz» diýipdir. Hezreti Isa bolsa: «Dilegçini eli boş gaýtaran öýe bir hepdeläp melekler gelmez» diýipdir.

Sadaka berlende iň fazyletlisi iň ýakyn garyndaşlara, soňra goňşulara bermekdir. Kurany Kerimde: «Garyndaşyň bolan ýetime ber», (Beled, 15) diýlip bellenýär. Pygamberimiz Abdullah b. Mesudyň aýaly Zeýnebe şeýle diýipdir: «Adamyň we çagalaryň sadakaňa has laýyk kişilerdir», (Buhary, Muslim). Başga bir hadysda: «Ýoksula beren sadakaň bir sadaka sogaby bardyr, garyndaşlaryňdan bolan ýoksula beren sadakaň iki sadaka sogaby bardyr. Olaryň biri sadaka, beýlekisi garyndaşyňa ýagşylyk sogabydyr», (Ibni Maje, Tirmizi, Ahmet b. Hanbel) diýilýär.

Buharyda hezreti Äşäniň gürrüň beren bir hadysynda bolsa şeýle diýilýär: Pygamberimiziň huzuryna biri gelip: «Meniň iki goňşym bar. Bulardan haýsysyna sowgat bereýin?» diýip soraýar. Pygamberimiz: «Haýsysynyň gapysy saňa has ýakyn bolsa, şoňa ber» diýip jogap beripdir. Alymlar zekatyň, keffaretiň, neziriň, wesýetiň we sadakanyň paýlanylmagynda bu hadysy esas edinipdirler. Şonuň üçin garyndaşyňy öňde goýmak mustahapdyr. Hatda kişiniň sadakasyny özüne has duşmançylykly garaýan garyndaşyna bermegi mustahapdyr diýlipdir. Munuň sebäbi onuň ýüreginden kinesini gidermekdir.

Sadaka berlende has mätäç kişini saýlamak mustahapdyr. Sadaka gaýry dindäki adama hem berlip bilinýär. Pygamberimiziň bir hadysynda: «Janly-jandarlardan her bir barlyga edilen ýagşylygyň sogaby bardyr» (Buhary, Muslim) diýilýär.

Aradan çykan garyndaşyň adyna hem sadaka berilýär. Jynaza bölüminde düşündirişimiz ýaly, merhum üçin nahar iýdirmek, suw içirmek, geýindirmek, pul paýlamak ýaly sadaka bermegiň ölä peýdasy degýändir. Şeýle hem doga-dileg etmegiň hem peýdasy ummasyzdyr. Doga edilende: «Allahym, oňa rahmet et! Allahym ony bagyşla!» diýmek fazyletlidir.

Bergili we güzeranyny zordan aýlaýan kişiniň sadaka bermegi dürs däldir. Onuň üçin öz içersiniň ryzkyny gazanmak nafile sadaka hökmündedir.

Nafile sadaka bereniňde, sogabyny ähli musulmanlara bagyşlamak iň ýagşy görülýänidir. Çünki sadakanyň sogabyndan olara-da ýeter, öz sogabyňdan hem hiç zat kemelmez.

Sadakanyň edepleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Sadakanyň göwnüňden joşup berilmegi mustahapdyr. Çünki, munda sogabyň köpelmegi we biriniň göwnüni götermek düşünjesi bardyr. Sadaka bereniňde besmele aýtmak sünnetdir. Alymlar: «Sadakanyň sogabynyň kem bolmazlygy üçin, sadaka beren kişi, sadaka berlen kişiden hatda doga-dileg hem tamakin bolmaly däldir. Eger sadaka berlen kişi sadaka berene doga etse, munuň zeleli ýokdur. Sadaka bereniň hem oňa doga bilen jogap bermegi mustahapdyr» diýipdir.

Şübheli malyň sadaka berilmegi mekruhdyr. Kişiniň haram we şübheden uzak malyny saýlamagy mustahapdyr. Pygamberimiz bir hadysynda: «Halal gazançdan her kim bir hurma dänesini sadaka berse, Allah onuň halalyndan başgasyny kabul etmez. Allah ony sag eli bilen alyp, siziň biriňiziň taýjagazy ösdürip ulaldyşyňyz ýaly ulaldar, dag ýaly eder», (Buhary, Muslim).

Bir kişiniň haramdygy anyk maly sadaka bermegi, haýyr-hasenat etmegi dürs däldir. Muny halal saýyp, sogabyna garaşmagy bolsa, kişini küfüre elter. Çünki haram zady halal saýmak küfürdir, haramda sogap hem ýokdur.

Bilip, bilgeşleýin ýaramaz maldan sadaka bermek mekruhdyr. Kişiniň iň halaýan zadyny sadaka bermegi mustahapdyr. Berlen sadakany diliňe çolamak onuň sogabyny ýitirer. Mätäç däl biriniň sadaka islemegi bolsa haramdyr. Sadaka diňe Allahyň razylygy üçin berilýär.

Sadakany alan adam ony çem gelen ýere harçlamaly däldir. Ýöne sadakany tanaman laýyk däl kişä bermek onuň sogabyny kemeltmez. Çünki, esasy möhüm zat – bereniň ýagşy niýeti, yhlasy we çyn ýürekden berýänligidir. Bu mesele bilen baglanyşykly şeýle rowaýat aýdylýar:

Gadym döwürde Israil ogullaryndan bir kişi: «Şu gije Allahyň razylygy üçin sadaka berjek» diýip öýünden çykýar. Sadakany bilmän bir ogra berýär. Ertesi halk: «Bu gije bir ogra sadaka berlipdir» diýip gürrüň edýär. Şonuň üçin sadaka berýän kişi: «Allahym ogra sadaka berenim üçin Saňa hamd edýärin. Hökman makbul bir sadaka berjek» diýip, ýene öýünden çykýar-da bir bozuk aýala sadakasyny berýär. Bu gezek halk: «Öten agşam bir bozuk aýala sadaka berlipdir» diýip gürrüň edýär. Ýalňyşan kişi «Allahym zyna edýän aýala sadaka berenim üçin Saňa hamd edýärin. Hökman makbul bir sadaka berjek» diýip, ýene öýünden çykýar. Bu gezek ol sadakasyny bir baýa berýär. Bu gezek halk: «Öten agşam bir baýa sadaka berlipdir, heý, beýle-de zat bolarmy?» diýip gürrüň edýär. Sadaka beren kişi «Allahym, ogra, zyna edýäne, baýa sadaka berenim üçin Saňa hamd edýärin» diýýär. Bu kişä düýşünde şeýle buşluk habary aýdylýar: – Seniň ol beren sadakalaryň belki-de, ogryny ogurlykdan, bozuk aýaly zynadan ýüz öwürdip, ýagşy we namysjaň ynsan bolmaklaryna sebäp bolar. Baý bolsa senden görelde alyp, malyny Allahyň razyçylygy üçin harçlar diýip, umyt edeli.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]