Turpan balyk
Turpan balyk —Teňňebalykşekilliler otrýady. Teňňebalyklar maşgalasy.
Ýagdaýy
[düzet | çeşmäni düzet]Derejesi III (VU) Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn aşaky görnüş.
Genefondy gorap saklamakda ähmiýeti
[düzet | çeşmäni düzet]Görnüşiň ýitirilmegi ýurduň ihtiofaunasynyň görnüş dürlüliginiň kemelmegine kemelmegine getirer.
Umumy
[düzet | çeşmäni düzet]Adaty Turpan balyga garanyňda has gararak reňkde. Gapdalyndan seredeniňde, arkasy ýaýşekilli, žabra gapagynyň yz ýanynda, kükrek ýüzgüçleriniň düýbünde gara tegmiller mese-mälim görünýär. Teňňeleri uly. Olaryň her biriniň yzky gyralary gara nokat zolak bilen gaýalan. Uzynlygy - 25一26 sm.
Ýaýraýşy
[düzet | çeşmäni düzet]Etrek, Sumbar, Çendir derýalary. Türkmenistandan daşarda - Zakawkaziýada we Eýranda bar[1一6].
Ýaşaýan ýerleri
[düzet | çeşmäni düzet]Derýa balygy. Arassa kisloroda baý, çalt akýan, düýbi çagylly-daşly derýalary halaýar.
Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy
[düzet | çeşmäni düzet]XX asyryň 30-40-njy ýyllarynda sany köpdi. Sumbar derýajygynda 1991-nji we 1997-nji ýyllarda ýek-tüki tutuldy. 2003-nji we 2007-nji ýyllarda derýalarda gabat gelmedi[2,6,7].
Esasy çäklendirilen sebäpleri
[düzet | çeşmäni düzet]Derýalaryň akymynyň kadalaşdyrylmagy we hapalanmagy
Biologiýasynyň aýratynlygy: Urkaçy balyklar üçünji we erkek balyklar一ikinji ýylda jyns taýdan ösüp ýetişýär. Haýwanlar (gurçuklar, mör-möjekleriň liçinkalary, ownuk balyklar, gurbagalar) käte ösümlikler bilen iýmitlenýär. Önümçilik ähmiýeti ýok, höwesjeň balykçylar tutýar[1,2,6,7] ==Köpeldilşi==
Barlag geçirilmedi.
Gorag üçin görlen çäreler
[düzet | çeşmäni düzet]Işlenip düzülmedi.
Gorag üçin zerur çäreler
[düzet | çeşmäni düzet]Derýa suwlaryny hojalyk, medeni durmuş we dynç alyş maksatlary üçin rejeli peýdalanmaly, olaryň akymynyň möçberini durnuklaşdyrmaly.
Barlaglar boýunça teklipler
[düzet | çeşmäni düzet]Ýaýraýşyny we biologiýasyny öwrenmeli. Sumbar, Çendir we Etrek derýalarynyň gidrologik kadasyna gözegçilik etmeli. Etrek derýasynyň we onuň aşaky akymynyň ekoulgamyny dikeltmeli.
Düzüji: F. M. Şakirowa.
Maglumat
[düzet | çeşmäni düzet]1. Berg 1934. 2. Berg 1949. 3. Laptew 1934. 4. Starostin 1992. 5. Nikolskiý 1971. 6. Aliýew, Suwhanowa, Şakirowa 1988. 7. Salnikow 2008.