Mazmuna geçiň

Iddä

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Iddet – äri ölen, talak edilen ýa-da nikah gyýylsa-da är-aýal bolup ýaşamadyk aýalyň öňki äri bilen baglanyşygynyň doly kesilmegi üçin garaşylmaly müddetdir. Bu müddet aýalyň öňki ärinden göwreli bolup-bolmandygyny anyklamak, äri ölen bolsa, oňa we maşgalasyna hormat goýmak we rij'i talakda ärine oýlanmaga pursat bermek üçindir.

Talak edilen aýalyň iddet möhleti üç haýz möhletidir. Äri ölen aýalyň iddet möhleti dört aý on gündür. Eger aýal göwreli bolsa, onuň iddeti çaga dünýä inýänçä dowam edýär. Nikahdan soň gatnaşyk bolmazdan talak edilse, şol aýalyň iddet möhleti ýokdur.

Göwreli bolmadyk bir aýal rij'i talak iddetine garaşýarka äri ölse, talak iddetini terk edip, ölüm iddetine garaşmalydyr.

Aýal ba'in iddetine garaşýan bolsa, ölüm iddetine garaşmanam biler. Ba'in iddeti ölüm iddetiniň ýerine geçýär. Garrylygy sebäpli haýz görmeýän aýalyň iddet möhleti üç aýdyr. Ymam Agzama görä, aýalyň haýzdan kesilmek ýaşy 55 ýaş hasaplanýar.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]