Mazmuna geçiň

Çaý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Çaý —Dünýäde iň halanyp içilýän içgileriň arasynda çaý,megerem iň söýüp içilýän içgidir. Çaýyň rahatlandyryjy we bedeniňi gurplandyryjy täsiri bar. Onuň adam bedeni üçin berýän peýdasy barada –da köp zatlar anyklanyldy. Meselem,ýapon lukmanlary günde 9-10 çemesi käse çaý içmelidigini aýdýarlar. Olaryň geçiren barlaglaryna, günde 10 käse çaý içýän adamlar 3 käse çaý içýänlerden 5-7 ýyl uzak ýaşaýar.

Çaýy demlemezden ozal , çäýnegi gaýnag suwa çaýkamaly. Ony birazrak basyransoň içmelidir. Şeýle bolanda , şemmäniň düzümindäki ýokumly maddalar çaýa ornap , adam bedenine has siňňitli bolýar. Çäýnege atylan şemmäniň üstüne iki gezekden artyk demlenip içmek bolmaýar. Ýapon zenanlary çaýdan galan şemmäni bir gaba ýygnap goýýar. Olar şemmäni bir gaba ýygnap goýýarlar. Olar şemma ýylysuw goýup, süzýärler-de ýüzüni, boýnuny ,elini ýuwýarlar. Çünki şemmeden süzülip alnan suw deriniň ýaşlygyny saklamaga, ýygyrtlaryň ýazylmagyna ýardam berýär.

Gyşda bir käse gyzgynjak çaýyň lezzetem nämä degenok. Ýöne onuň dümewden açylmaga ýardamynyň ulydygyny bellemek gerek. Çopan telpek bilen garylyp demlenen çaýa bir azyrak gara burç, bir çaý çemçesi bal garylyp içmeli. Bu demleme dümewden hemde bokurdak agyrsyndan gutulmaga ýardam berýär. Onsaňam, dümewiň öňüni almak üçin limon, bal bilen gök çaý içmek hem örän peýdalydyr.

Ajy demlenen çaý bitmeýän ýaralary guramagyna hem oňaýly täsir etýär. Bir bölejik hasany ýyly çaýa batyryp, ýaranyň üstünde 3 minut çemesi wagt goýmaly.

Ösdürip ýetişdirmeklik we ýygnamaklyk

[düzet | çeşmäni düzet]

Çaýy öndürmek üçin çig mal hökmünde ýörite plantasiýalarynda uly mukdarda ösdürilip ýetişdirilýän çaý gyrymsy agajynyň ýapraklary bolup durýarlar. Çaýyň iň köp mukdar paýy öndürilýän Hytaýda, Hindistanda we Afrikada çaý ýygnamaklyk bir ýylda dört gezege çenli amala aşyrylýar. Ilkinji iki hasylda ýygnalan çaýlar has hem gymmat bahalanýarlar. Çaýyň ösdürilip ýetişdirilmegi ykdysady taýdan delillendirilen territoriýanyň demirgazyk bölegi ozalky günorta sowet respublikalarynyň (Azerbaýjan, Gruziýa) ýa-da Russiýanyň Krasnodar ülkesiniň takmynana giňişliginden geçýär.

Ýokary sortly çaýlar üçin çig mal köplenç dag eňňitlerinde bölek-büçek ýerleşen, uly bolmadyk plantasiýalarynda (meýdany takmynan 0,5 ga) ösýär, şeýlelik bilen, ýapragy ýygnamaklyga bir plantasiýadan beýlekisine geçmeklik zerurlygy goşulýar.[1] Çaýyň ýapraklary elde ýygnalýarlar we sortlaşdyrylýarlar. Ýygnaýjylaryň zähmeti ýeterlik derejede agyr we bir labyzly (bir tonly) bolup durýar: taýýar gara çaýynyň we çig mal ýapragynyň gatnaşygy — takmynan 4-den 1 bölek (¼), ýagny, çagyň bir kilogramyny öndürmeklik üçin çaý ýapragynyň dört kilogramyny (takmynan 2000 ýapragy) ýygnamaklyk talap edilýär. Ýygnaýjylar üçin işläp çykarmagyň kadasy bir günde 30-35 kg ýapraga deň, şunlukda, hiliň standartlaryny berjaý etmeli we gyrymsy agaçlaryndan diňe gerekli ýapraklaryny almaly.

Elde ýygnamaklygyň zerurlygy çaýy ösdürip ýetişdirmekligiň mümkinçiligini çäklendirýär: ol diňe ýeterlik derejede ýokary öndürijilikli we ýygnaýjylaryň el zähmetiniň ýeterlik derejede pes gymmaty bolan sebitlerde manysyna eýedir. Çaý ýapragynyň ýygnalmagyny we sortlaşdyrylmagyny mehanizmleşdirmekligiň birnäçe gezek synanyşyklary edildi, hususan-da, SSRS-de 1958-nji ýylda hem mehanizmleşdirilen çaý ýygnaýjy abzaly döredildi, emma mehanizmleşdirilen ýygnamaklygyň tehnologiýasy henize çenli doly işlenilmedik: kombaýnlar tarapyndan ýygnalan ýaprak juda pes hile eýedir, esasan, keseki goşulmalarynyň köp mukdarynyň hasabyna, şonuň üçin ol ýa iň pes sortly çaýyň önümçiligi üçin, ýa-da kofeini we çaýyň düzümindäki beýleki maddalaryny bölüp çykarmak maksady bilen soňra gaýtadan işlemek üçin, farmasewtika senagaty üçin ulanylýar. Adaty öýüň şertlerinde hem çaýyň ösdürilip ýetişdirilmegi mümkindir.[2]

  1. "География чая". geo.1sept.ru. Retrieved 2022-10-15. 
  2. "Чай с подоконника". nkj.ru. Retrieved 2022-10-15.